AŞGABADYŇ GAÝRAGOÝULMASYZ TIZ KÖMEK MERKEZINDE LUKMANÇYLYK ENJAMLARYNYŇ SOŇKY TAPGYRYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

photo

Aşgabadyň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezinde «Lukmançylyk enjamlaryny bermek arkaly Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek» maksatnamasynyň çäklerinde satyn alnan  lukmançylyk enjamlarynyň soňky tapgyrynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Çary Agamyradow, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň taslamalara hyzmat etmek boýunça Müdirliginiň (ÝUNOPS) Türkmenistandaky menejeri Wasiliý Tokaçew taslamany ýerine ýetirijiniň wekili hökmünde gatnaşdylar.

Ýapon diplomatynyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, şu taslamanyň çäklerinde grant serişdelerine ähli halkara hil talaplaryna laýyk gelýän döwrebap lukmançylyk enjamlary satyn alyndy. Olaryň arasynda, hususan-da, rentgen, öýkeniň emeli wentilýasiýasy we döwrebap  enjamlary, bronhoskopiýa üçin ulgamlar we ş.m. enjamlar bar. Şeýle lukmançylyk enjamlary tutuş ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde  we etraplarda lukmançylyk edaralarynyň 50-den gowragynda  oturdyldy. Şonuň bilen birlikde, olary mundan beýläk hem netijeli ulanmak boýunça lukmanlar ýörite okuwlary geçdiler.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Çary Agamyradow minsitrligiň adyndan Ýaponiýanyň Hökümetine iberen häzirkizaman lukmançylyk enjamlary üçin hoşallyk bildirdi.

Çäräniň ahyrynda ilçi Ýamamoto Hiroýuki lukmanalr bilen söhbetdeş boldy we olar enjamlaryň netijeliligi barada gürrüň berdiler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61934/asgabadyn-gayragoyulmasyz-tiz-komek-merkezinde-lukmancylyk-enjamlarynyn-sonky-tapgyrynyn-gowsurylys-dabarasy-gecirildi