img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MYHMAN – SUPRA ÝARAŞYGY

photo

Mart aýynyň soňky güni Gazagystan respublikasynyň Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň wekilleri Gündogar myhmansöýerligine bagyşlanan onlaýn-seminar geçirdiler.

Çäräniň çäklerinde myhman kabul etmekligi, öý eýesiniň amal etmeli, myhmanlary saçak başynda ýerleşdirmegiň we tagamlary myhmanlaryň arasynda paýlamagyň düzgünleri ýaly meseleleri öz içine alýan gündogar edem-gylymlarynyň aýratynlyklaryny seljermäge bagyşlanan çykyşlar boldy.

Foruma gatnaşanlar myhmansöýerligiň sebitiň ilatynyň möhüm ýörelgesidigini bellediler. Ol türkmenlere, gazaklara, özbeklere, gyrgyzlara we täjiklere asyrlarboýy mahsys häsiýet bolup, milliligiň aýratyn sypatyna öwrüldi.

Çärä gatnaşanlar wagtyň geçmegi bilen myhmansöýerlik ýörelgesi ep-esli üýtgese-de, Merkezi Aziýa halklarynyň ählisi üçin ozalkysy ýaly iň wajyp gymmatlyklaryň biridigini biragyzdan bellediler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61974/myhman-supra-yarasygy