HÄZIRKI ZAMAN TÜRKMEN MULTIPLIKASIÝA SUNGATY
Multfilmler çagalaryň iň gowy görýän güýmenjesidir. Eger çagalygymyzy ýada salsak, dürli ýaşdaky ‒ 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli adamlaryň ajaýyp multiplikasiýa filmlerine tomaşa etmegi halaýandyklaryny çaklap bileris. Biz köplenç mawy ekranda hereket edýän gahrymanlara tomaşa edýärkäk, multfilm döretmegiň tehniki tarapy hakynda pikir etmeýäris, eýsem-de bolsa täze tehnologiýalaryň ýüze çykmagy bilen, suraty «janlandyrmak» işi-de üýtgedi ahyryn.
«AA»-nyň habarçylary Aşgabat studiýalaryndan «Mahabat müdirligine» baryp, häzirki zaman multfilmleriniň nädip we nämeden döredilýändigini bilmek üçin gürrüňdeş boldular.
Türkmen multiplikatorlary her gün täze multfilmleri döretmek baradaky pikiriň üstünde işleýärler, olary ýaş tomaşaçylar üçin diňe bir gyzykly däl, eýsem peýdaly-da etmäge çalyşýarlar.
Çagalar telegepleşikleriniň ýaýlymynda dürli mowzuklarda bilim-düşünjäňi ösdürýän multfilmleri görmek bolýar. Özi-de, gahrymanlar diňe ekranda ýaşamaýarlar, eýsem ýordumlaryň esasynda çagalaryň aňyny ösdürýän QR kodlary bilen bilelikde reňklemeli kitapçalar hem döredilýär. Kody smartfonyň kamerasy bilen skanerden geçirip, internetde halaýan multfilmleriňizi tapyp bilersiňiz.
– Biziň studiýamyz häzirki zaman multiplikasiýasynyň iki esasy görnüşinde ‒ el bilen çekilen 2D animasiýa we kompýuterde taýýarlanan 3D animasiýasynda işleýär – diýip, «Mahabat müdirliginiň» direktory Röwşen Welmiýew belleýär ‒ Biz, esasan, çagalara düşnükli dilde özümizi gurşap alan dünýä ‒ kosmos, planetalar, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýjylary hakynda gürrüň berýän ylmy we bilim berýän multfilmleri döredýäris. Olardan biri Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanýar we tebigata aýawly çemeleşmelidigi barada gürrüň berýär. Biz, şeýle hem, goşmaça programmalary we kompýuter oýunlaryny işläp düzýäris. Biziň «WR-Türkmenistan» atly başdan geçirmeler görnüşindäki kompýuter oýnumyz «EXPO – 2020» Bütindünýä sergisinde görkezildi.
Multfilmleri, animasiýa seriýallaryny, kompýuter oýunlaryny döretmegiň üstünde uly topar işleýär. Edebi esasyny ýazýanlar suratyň ýordumyny düzýärler, suratkeşler gahrymanlaryň suratyny çekýärler, sazandalar geljekdäki multfilm üçin saz ýazýarlar, kadrlara bölme we reňkleme işleri ýerine ýetirilýär. Bu-da hemmesi däl. Häzirki wagtda multiplikatorlaryň işini kompýuter programmalary ep-esli tizleşdirmäge kömek edýär.
3D animatorlaryň wezipesi diňe şekiliň üç ölçegli modellerini döretmek däl. Olaryň has hakykata golaý kabul edilmegi üçin, gahrymanlaryň hereketleri işlenip düzülýär. Animator ädimme-ädim gahrymanyň portretini döredýär, oňa hereket etmegi we öz hereketleri arkaly zerur duýgularyny ýüze çykarmagy «öwredýär».
Döwrebap multfilmleri döretmek köp zähmet talap edýän çylşyrymly iş, şonuň üçin 3D animator hünärini özleşdirmegi arzuw edýänlere diňe zehin, çeperçilik, hyýal ýüwrükligi, synlamak ukyby däl, eýsem güýçli isleg hem gerek bolar – diýip, Röwşen Welmiýew düşündirýär ‒ Häzirki wagtda işiň bu görnüşine zähmet bazarynda uly isleg bildirilýär, biz hem, öz gezegimizde, oňa ýaş hünärmenleri çekmäge çalyşýarys.
Bilim berýän ähli multfilmler Türkmen TW saýtynda elýeterlidir.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61969/hazirki-zaman-turkmen-multiplikasiya-sungaty