«EDEPLI HEM ÇEPER ELLI TÜRKMEN GÖZELI» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige paýtagtymyz Aşgabat şäherinden we welaýatlaryndan gelen gyzlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň birnji bölümi «Gyz edebi-il edebi» diýlip atlandyrylyp, gyzlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek terdibi, ata-enä hem-de ululara hormat goýmak ýaly edep-ekramllyyk hakynda gyzykly çykyşlar edildi.
Bäslegiň ikinji tapgyryna laýyklykda «Hünärim bar-hormatym bar» at bilen ene-mamalarmyzdan miras galan el işleriniň, türkmen keşdeçilik sungatynyň keşde çekmek, jähek çalmak, gaýma gaýamak ýaly el işleri görkezildi. El işlerinde sabyr-takady talap edýän, gyzlarda zähmetsöýerlik, sabyrlylyk, parasatlylyk, takatly bolmak ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmäge ýaş nesillermize öwüt-ündewler giňden beýan edildi.
Soňra bäsleşigiň üçünji tapgyrynda oňa gatnaşýan gyzlar «Arkadagly Diýarda türkmen gözeliniň buýsanjy» atly temadan häzirki ajaýyp döwrümizi wasp edýän şahyrana setirler, çeper sahnalar, aýdymlar we gazallar bilen wasp etdiler. Bäsleşikde gurnalan sergide türkmen zenanlarynyň durmuşyny wasp edýän suratlar we türkmen milli şaý-sepleri hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň okuw tikinçilik merkeziniň okuwçylarynyň el işleri görkezildi.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler yglan edilip, baş baýraga Ahal welaýatyndan gelen Çaryberdiýewa Kümüş we Körhanowa Gurbanbibi, birnji orna Daşoguz welaýatyndan, ikinji orna Balkan we Lebap welaýatlaryndan gatnaşan gyzlar mynasyp boldular. Üçinji ornuň baýraklary Aşgabat şäherinden, şeýle hem Mary welaýatyndan gatnaşan gyzlara berildi.
Bäsleşige gatnaşanlara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuruldy.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61966/edepli-hem-ceper-elli-turkmen-gozeli-atly-baslesik-gecirildi