HALKARA BÄSLEŞIGINDE GAZANYLAN ÜSTÜNLIK
Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň dördünji ýyl talyby Akbar Kamalow üflenip we urlup çalynýan saz gurallynda saz çalýanlaryň III Halkara bäsleşiginde uly üstünlik gazandy. Mart aýynda Latwiýada geçirilen öz saz eserleriniň wideoýazgysyny hödürlän sazandalaryň «Wind stars» gaýybana bäsleşginde ildeşimiz Pablo de Sarasateniň «Sygan heňlerini» we Nury Halmämmedowyň «Sonatasyny» ksilifonda çalyp, ikinji derejeli diploma mynasyp boldy.
Emin agzalary ýaş sazandanyň ussatlygyna mynasyp baha berdiler. Pianino düwmeleri kysmy agaç düwmeli bu saz guralynda saz çalmak kyn, ony başarýanam az. Sesiň çalt peselýänligi sebäpli ksilofonçy çalt işlemeli bolýar. Ýöne şonuň bilen birlikde belent notaly çylşyrymly saz eserlerini çalanda sazanda ellerini we barmaklaryny gowşadyp, olaryň saz guralynyň düwmeleriniň üstünde gaýmalap ýörmegini gazanmaly. Ksilofonyň plastinalaryna taýajyklary dogry kakmak başarnygy hem güýçli taýýarlygy talap edýär. Şonuň üçinem zehinli talybyň üstünligini oňa tälim beren mugallymlarynyň ählisi, şol sanda mugallymy Kamil Allamow bilen konsertmeýster Dilaram Ahmedowa deň paýlaşyp bilerler.
Akbar Kamalow Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň iň zehinli talyplarynyň biridir. Ol okuw jaýynyň dürli ansamblaryna we orkestrlerine işjeň gatnaşýar, okan döwri ençeme gezek özbaşdak konsertleri bilen çykyş etdi. Akbar heniz sebitiň çagalar sungat mekdebinde okan döwri hem üflenip we urlup çalynýan saz gurallarynda saz çalýanlaryň respublikan bäsleşiginde ikinji orny eýeläpdi.
40 ýyldanam ozal döredilen Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi aýdym-saz sungatynyň 11 ugry boýunça ýokary derejede bilim-tälim berýär. Bu ýerde kirişli, üflenip, urlup çalynýan saz gurallary, fortepiano, milli we halk saz gurallary, dirižýorlyk ussatlygy, sungaty öwreniş taglymaty we beýleki bölümler bar. Mekdebiň okuwçylary ençeme gezek dürli abraýly döredijlik bäşleşiklerinde, şol sanda ýurduň sazçylyk mekdepleriniň arasynda geçirilen bäsleşikerde baýrakly orunlary eýelediler. Talyplaryň ussatlygyny we kär başarnygyny ýokarlandyrmak üçin bu ýerde dürli saz ugurlaryndan birleşen toparlar, şol sanda kamera orekstri hem bar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62016/halkara-baslesiginde-gazanylan-ustunlik