img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

REJEP REJEBOW WE ONUŇ KINO SAZLARYNYŇ ÄLEMI

photo

Bir gezek tanymal kinorežisýor Bulat Mansurow Rejep Rejebowyň Magtymguly hakynda romansyny diňläpdir. Romans Mansurowa şeýle güýçli täsir edipdir welin, ol P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasyndan öz ildeşi – dördünji ýyl talybyny gözläp tapýar. Olar tanyşýarlar, hoşlaşanlarynda Mansurow: «Biz hökman bile işleşeris» – diýýär. Kino sazlar kompozitoryň dörejiliginiň esasy ugrularynyň birine öwrülýär, ol juda köp – 59 filme saz ýazýar.

Galyberse-de, Nury Halmämmedow Rejep Jumaýewiçiň halypasy boldy. Nury Halmämmedow «Şükür bagşy» kinofilmine saz ýazanda talyp Rejep Rejebowy sazy diňlemäge çagyrypdyr. Kompozitoryň aýtmagyna görä, saz ony haýran edipdir.

Ykbal Rejep Jumaýewiçe gülüp bakypdy, çünki oňa genial ildeşleri bilen gatnaşmaga, dostlaşmaga, olar bilen işleşmäge mümkinçilik beripdi...

Rejep Rejebowa bagyşlanan konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda geçirildi. Sahna Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary çykýarlar.

Konsert «Akar suwuň aýdymy» kinofilmine saz bilen açyldy. Ümsümlikde ýeke skripkanyň juda nepis owazy ýaňlanýar. Bir salymdan ýene birnäçe skripka owazlary bilen saz barha möwjeýär, soňra kontrabaslaryň sesi goşulýar, eseriň ahyrynda tutuş orkestr durmuşa ömür, serginlik we gözellik goşýän suwuň güýçli akymyny beýan edýär.

Sahnanyň yzky tarapynda ýurdumyzyň filmotekasynyň altyn gaznasyna giren «Gelin», «Öz obamyň adamlary», «Gämiçiniň jany bir», «Jemalyň daragty», «Laçyn», «Ykbal», «Ýok diýmäni başar», «Ak duman», «Aýal ata çykanda» ýaly söýgüli fimleriň gahrymanlary görkezilýär. Tomaşaçylar ak-gara reňkli filmleriň älemine düşdiler, Rejep Rejebowyň saz bezegi olaryň dramaturgiýasyny bir geňsi nygtaýardy.

Tomaşaçylar ýene-de Hommat Müllük, Maýa Aýmedowa, Suraý Myradowa, Täçbibi Gafurowa, Baba Annanow, Hojam Öwezgelenow, Muhammet Çerkezow we beýleki artistleriň ýakyn hossar ýaly bolup giden keşplerine syn etmekden bahasyna ýetip bolmajak lezzet aldylar.

Ýekelikde çykyş eden saksofonçy Timur Umyrow, aýdymçylar, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbinyýaz Annadurdyýewa, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Leýli Ökdirowa, Leýli Mämmedowa dagy öz ussatlygy bilen tomaşaçylaryň alkyşyny gazandylar.

Simfoniki orkestriň dirižýory Resul Gylyjow: «Şu gün döredjilik işgärleri üçin köňül baýramy boldy. Meniň Rejep Jumaýewiçe garaýşym üýtgeşikdi. Ýaş tapawudymyz uly bolsa-da, biz ýygy-ýygydan duşuşýardyk, saz, durmuş barada uzak-uzak gürrüň edýärdik. Men bu zehinli kompozitoryň sadalygyna haýran galýardym. Men Rejep Rejebowyň sazlarynyň her notasyny hemişe ýatda saklaryn. Islendik ýagdaýda-da, ägirtlerimiziň goýup giden gymmatlyklary mydama ýaşamalydyr» – diýdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62017/rejep-rejebow-we-onun-kino-sazlarynyn-alemi