«TÜRKMEN SAHYSY» – TÄZE SPEKTAKL
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri boýunça halk rowaýatlarynyň gahrymanlarynyň biri Hatamtaý hakynda «Türkmen sahysy» atly täze spektakl goýuldy.
Sahylygy bilen ady ile dolan Hatamtaýyň sahawatlylygy we ynsanperwerligi barada gürrüň berýän rowaýatlar biziň günlerimize çenli ýetip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda mysal getirilen tymsalam muňa şaýatlyk edýär:
«Tymsalda beýan edilmegine görä, bir baý adamyň oňa gözi gidipdir. «Näme üçin hemme adamlar Hatamtaýy gowy görýärler, onuň sahylygyny taryplaýarlar. Onuňam bizden üýtgeşik sahylygy ýok. Men onuň öýüne myhman bolup göreýin hem iň gowy görýän zadyny – bedewini soraýyn. Şonda näderkä?!» diýipdir-de, ýoldaşlaryny alyp, ýola düşüpdir».
Harasatly howa sebäpli ýolagçylar ilki duşan öýden myhman kabul etmegi haýyş edýärler. Öý eýesi myhmanlary mähir bilen gurşap, olara gowy hyzmat edýär. Olar Hatamtaýyň öýüni soranlarynda, olara howandar çykan kişi Hatamtaýyň özi bolup çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserinde waka soňra şeýle dowam edýär:
– Aslynda men seniň atyňy dilemekçidim, indi bu hezzetiňden we sahawatyňdan soň onuň geregi hem ýok – diýip, baý yzyna dolanypdyr.
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň spektakly tymsal dilinde goýlupdyr. Dessanlardyr bagşylaryň aýdymlary onuň saz bezegi hökmünde ulanylýar. Hatamtaý hakda rowaýaty sahnalaşdyrmagy öňden bäri arzuw edip ýören režisýor Ata Gullarow şahyr Nowruz Gurbanmyradow bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edipdir.
Režisýoryň göz öňünde tutan pikiri özboluşly sahna çözgütleri arkaly şowly çözülipdir. Oýunda käbir kişiniň açgözlügidir hannaslygy beýlekileriň pidagälrigine we asyllylygna garşy goýulýar.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammettirkiş Rüstemow öz gahrymany Hatamtaýyň dilinden «Kanagat baý eýlär, nebis har eýlär» diýýär.
Süpektaklda çykyş edýän aktýorlar sahnadaky keşpleri ussatlarça ýerine ýetiripdirler, tiz wagtda spektaklyň ilkinji tomaşaçylary oňa mynasyp baha berip bilerler.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62042/turkmen-sahysy-taze-spektakl