img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ILATLY ÝERLERI ÜPJÜN ETMEK MAKSADY BILEN

photo

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri şu ýyl ulanmaga ýaramly ýerasty süýji suwly täze ýataklary agtarmak we olaryň ulanylyş gorlaryny kesgitlemek boýunça çäreler toplumyny geçirdiler. Olar Akdepe etrabynyň we Görogly etrabyndaky «Ýagtylyk» we «Yzmykşir» geňeşlikleriniň, Ruhubelent etrabynyň dolandyryş merkeziniň hem-de «Oguzhan» we «Ruhnama» geňeşlikleriniň ilatyny mundan beýläk hem arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi maksat edinýärler. Geçirilýän işler, şol sanda Şasenem tarp ýerlerinde suwly gatlaklaryň galyňlygyny, çuňlugyny we täze suwly ýerleriň çägini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, «Hamaýýap» diýlen ýerde ýerasty süýji suwly gorlaryň deslapky barlaglary doly tamamlandy. Ol geljekde Gubadag etrabynyň «Bitarap Türkmenistan» geňeşliginiň ilatly ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde suw serişdelerinden, şol sanda bar bolan ýerasty süýji suw gorlaryndan aýawly we rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Täze ýataklary agtarmak bilen birlikde bu ýerde ýerasty suw çeşmeleriniň gorlaryna, olaryň geljekde ýerli ilaty üpjün etmäge ýaramlylygynyň ýagdaýyna baha bermek boýunça-da işler alnyp barylýar. Şeýle işler diňe soňky ýyllarda täze suw çeşmeleriniň we dürli kuwwatlykly suw arassalaýjy döwrebap kärhanalaryň gurulmagynyň hasabyna ýerli suw üpjünçilik düzümini has-da giňeltmäge mümkinçilik berdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62044/ilatly-yerleri-upjun-etmek-maksady-bilen