img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Owganystanyň, Maltanyň, Özbegistanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, arassalanmadyk parafini, suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Türkiýäniň, Owganystanyňhem-de Gonkongyňişewür toparlarynyňwekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen piroliz benzinini we piroliz galyndysyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 26 million 722 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň telekeçileri manat serişdelerine bahasy 11 million 605 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 25 million manatdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gaplama plýonkasyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62049/tamamlanan-hepde-sowdanyn-yokarlanyandygy-bilen-tapawutlandy-8