img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN-AZERBAÝJAN BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGI DÖREDILDI WE ONUŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY

photo

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61958/turkmen-azerbayjan-bilelikdaki-toparynyn-turkmen-bolegi-doredildi-we-onun-duzumi-tassyklanyldy