img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OLEG KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenka hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hormatly we jogapkärli işiniň ähmiýetini belläp, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we kosmonawtikada täze açyşlary arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady (turkmenistan.gov.tm)