img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ FUTZAL BOÝUNÇA MILLI ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ KUBOGY – 2022-NIŇ FINAL TAPGYRYNA ÇYKDY

photo

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berýär.

Merkezi we Günorta sebitinde geçirilýän saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen “A” toparçada bäsleşen ýygyndy toparymyz 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlamagy başardy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň futzal ýygyndysy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş eder.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyryna çykdy (turkmenistan.gov.tm)