SURAÝ MYRADOWA. TÜRKMENISRTANYŇ TEATR SUNGATYNDA AJAÝYP MIRAS
Türkmen teatrynyň we kinosynyň ilkinji milli sahna ussatlarynyň biri Suraý Myradowa geçen ýüzýyllygyň başynda dünýä inýär. Onuň ykbaly Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň ilkinji tapgyrynyň köp sanly wekilleriniň durmuşy we ykbaly bilen köp babatda meňzeşdir. Ol kakasyz ösüp ulaldy. Ol çagalyk ýyllarynda internatda okap terbiýe aldy we zähmet ýoluna on üç ýaşynda başlady.
Häzir Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Maral Durdyýewa şeýle ýatlaýar:
- Meniň mamam Ýazdursun bäş çagany ösdürip ýetişdirdi. Olaryň ikisi – uýalar Suraý we Sonadyr. Olaryň ikisi hem özlerini sungata bagyşlap, ajaýyp sahna ussatlary boldular.
Uýalar Aşgabadyň golaýyndaky Herrikgala obasynda dünýä indiler. Olaryň çagalygy kyn boldy. Maşgalalarynda olardan başga-da uýalary Enejan, Nabat we erkek dogany Nyýazmyrat bardy. Maşgalada bir wagtyň özünde bäş çagany aýaga galdyrmak aňsat däldi. Adaty satyjy bolup işlän ejeleriniň zähmet aýlyk haky çagalary ekläp saklamaga mümkinçilik bermeýärdi. Şoňa görä-de, Suraýy we Sonany gyzlar üçin niýetlenen Ene Kulyýewa adyndaky internada ýerleşdirdiler. Gyz doganlar internady tamamlanlaryndan soňra, pedagogik tehnikumda okuwlaryny dowam etdiler. Okaýan döwürlerinde olar drama gurnagyna gatnaşyp, ilkinji gezek teatr sungaty bilen tanyşdylar. Şol ýerde-de olaryň aktýorçylyk zehini ýüze çykdy.
Suraý ulurakdy, şoňa görä-de tehnikumy tamamlandan soň, dessine teatra geldi. Jigisi Sona bolsa dessine aktrisa bolmak kararyna gelmedi, ol ilkibaşda aýdym aýtmak we saz çalmak bilen meşgullanmak isledi.
- Ejem örän duýgur adamdy, häzirki döwürde häsiýetlendirilende, ol has öýdeçildi. Bu bolsa soňlugy bilen onuň ýerine ýetiren köpsanly teatr hem-de kino gahrymanlarynyň häsiýetlerinde-de örän aýdyň ýüze çykdy- diýip, Maral Durdyýewa gürrüň berýär.
Suraý Myradowa özüniň ilkinji teatr ugrundan bilimini we tejribesini 1926-njy ýylda Magaryfyň Halk Komissariaty tarapyndan guralan milli drama studiýasynda aldy. Şol wagt onuň ýaňy bir on üç ýaşy dolupdy. Ol studiýada bolsa şol döwürde milli sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan A. Gulmämmedow, K. Herräýew, H. Şahberdiýew we beýlekiler işleýärdiler. Artistler toparynyň studiýalary hemmesi bilelikde arabada ilatly ýerlere aýlanyp, ýerlerde çykyş edýärdiler. Çykyş edýän artistleriň düzüminde ýaşajyk Suraý Myradowa hem bardy. Respublikanyň ilkinji artistleriniň iş günleri şeýledi.
Üç ýyldan soň studiýanyň binýadynda Mollanepes adyndaky türkmen drama teatry döredildi. Teatryň işläp başlan ilkinji ýyllarynda artistleriň toparyna Aşgabadyň çeperçilik tehnikumynyň uçurymlary we çeper höwesjeňler toparlaryna gatnaşyjylar goşuldylar. Teatrda döwrebap awtorlaryň pýesalary, kemala gelýän milli dramaturgiýanyň hem-de nusgawy dünýä edebiýatynyň eserleri sahnalaşdyrylýardy.
Wagtyň geçmegi bilen artistleriň toparyna Suraý Myradowanyň jigsi Sona Myradowa hem goşyldy. Şol teatrda Suraý Myradowa özi ýaly sahna ussady Kakabaý Durdyýewe durmuşa çykyp, maşgala bagtyna hem eýe boldy.
Režisýorlar we teatr tankytçylary Suraý Myradowanyň sahna işlerine ýüzlenip, onuň duýgurlygyny hem-de ýerine ýetirýän gahrymanlarynyň içki duýgularyny tomaşaçylara ýetirmekde aýratyn zehinlidigini belleýärdiler. Suraý Myradowa sahnada Şahuhubanyň (Amanowyň “Zöhre we Tahyr” eseri), Jereniň we Maralyň (Muhtarowyň we Seýitliýiweiň “Çopan ogly”, “Kümüş çilimgap” ), Anna Andreýewnanyň (“Derňewçi”), Honzodanyň (Hamzanyň “Baý we Batrak“ eseri), Orazsoltanyň (Derýaýewiň “Ykbal”) we başga-da ençeme keşpleri janlandyrypdy.
Suraý Myradowanyň döredijiligine döwlet tarapyndan mynasyp baha berildi. Ol – Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi boldy. Suraý Myradowa ömrüniň köp bölegini öz halkyna, mähriban teatryna hyzmat etmäge bagyşlap, sahnada hem-de kinoda dürli döwürleriň zenan keşplerini döretdi. Şol keşpler onuň ýerine ýetirmeginde hemişe ynandyryjylykly, tolgundyryjy we ýatda galyjy bolýardy.
Suraý Myradowanyň ömri teatr mekdebidir we türkmen teatrynyň taryhydyr. Olary bolsa häzirki wagtda oňa eýerijiler – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary öwrenýärler.
Suraý Myradowa. Türkmenisrtanyň teatr sungatynda ajaýyp miras. (turkmenistan.gov.tm)