img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DANIÝANYŇ ŞA ZENANYNY GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daniýanyň milli baýramy — Şa zenanynyň doglan güni mynasybetli Daniýanyň Şa zenany hanym Margrete II we ýurduň ähli halkyna ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Şa zenany Margrete II tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Şa zenanyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)