IDEŞIMIZ AFK-NYŇ ÇEMPIONLAR LIGASYNDA GONKONGLY TOPARA ÝEŇIŞ GETIRDI

Türkmen fubolçysy Ruslan Mingazow AFK-nyň Çempionlar ligasynda Gonkongyň «Kitçi» toparyna Tailandyň «Çiangraý Ýunaýted» topary bilen duşuşykda gol geçirip, 1:0 hasabynda ýeňiş getirdi. Oýnuň iň güýçli oýunçysy diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň ýygyndysynyň 30 ýaşly ýarym goragçysy duşuşygyň 17-nji minutynda jerime meýdançasynyň daşyndan güýçli urgusy bilen topy tora gönükdärmäge başardy.
Bu R.Mingazowyň Aziýa toparlar ýaryşyndaky ilkinji oýnudy, oňa «Kitçi», «Çiangraý Ýunaýted» toparlary bilen birlikde Ýaponiýanyň «Wiýesel Kobe» hem «J» toparçada ýaryşyň 1/8 finalyna çykmak ugrunda bäsleşýärler.
Şu toparçanyň ähli oýny Tailandyň demirgazyk-gündogar welaýatlarynyň biriniň dolandyryş merkezi bolan Buriramada geçýär.
Ruslan Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Wasiliý Karpowdan tälim aldy, ol Aşgabadyň «Köpetdagynyň» we Türkmenistanyň ýygyndysynyň ozalky gyraky hüjümçisi Kämil Mingazowyň ogludyr. Ol 2008-nji ýylda «Aşgabadyň» hatarynda Türkmenistanyň çempiony we Superkubogynyň eýesi boldy. 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň ýygyndysyna yzygiderli çagyrylyp gelýär, ol toparyň hatarynda 26 oýna gatnaşyp, 4 pökgi geçirdi.
Ruslan Ýewropanyň toparlarynda çykyş etdi. Ol Riganyň «Skontosynyň» düzüminde 2010-njy ýylda Latwiýanyň çempiony, 2012-nji ýylda Kubogynyň we 2013-nji ýylda Superkubogynyň eýesi, şeýle hem 2011-nji ýylda Baltika ligasynyň ýeňijisi boldy.
Ruslan Mingazow Çehiýanyň çempionatynda «Ýablones», «Slawiýa», «Mlada-Boleslaw», «Prişibram» toparlarynda oýnan ilkinji türkmen futbolçysydyr. Ol 2016/17-nji ýyllar möwsüminde «Slawiýanyň» hatarynda milli çempionatyň altyn medalyna mynasyp boldy.
Çehiýadan soň ol Gazagystanyň «Irtyş», «Şahtýor» we «Kaspiý» toparlarynda çykyş etdi.
Şu ýylyň martynda Ruslan Mingazow erkin agent hökmünde «Kitçi» bilen şertnama gol çekip, futbol boýunça Gonkongyň çempionatynda oýnaýan ilkinji türkmen futbolçysy boldy.
1931-nji ýylda döredilen «Kitçi» Gonkongyň häzirki 11 gezek çempionyndyr. Klub AFK-nyň Çempionlar ligasyna yzygiderli gatnaşyp gelýär.
Indiki tapgyrda «Kitçi» Ýaponiýanyň «Wiýesel Kobe» bilen duşuşar, onuň hatarynda dünýäniň ajaýyp futbolçylarynyň biri, 2010-njy ýylda dünýäniň çempiony, 2008 we 2012-nji ýyllarda Ispaniýanyň ýygyndysynyň hatarynda Ýewropanyň iki gezek çempiony, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň dört gezek ýeňijisi, UEFA-nyň Superkubogynyň üç gezek eýesi we Ispaniýanyň «Barselonasynyň» hatarynda toparlar dünýä çempionatynyň üç gezek ýeňisi 37 ýaşly Andres Inýesta çykyş edýär.
Ideşimiz AFK-nyň Çempionlar ligasynda gonkongly topara ýeňiş getirdi (turkmenistan.gov.tm)