KAKABAÝ DURDYÝEW. AKTÝOR, FILOSOF, KEMINÄNIŇ ŞYGRYÝETINIŇ MUŞDAGY
Şu ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň halk artisti Kakabaý Durdyýewiň doglan gününe 102 ýyl dolýar. Onuň döredijilik terjimehaly uruşdan soňky ýyllar başlandy. Şoňa çenli ol agyr çagalyk döwrüne duçar bolupdy, höwesjeňler studiýalarynda teatr bilen gyzyklanypdy, bilim alypdy.
1929-njy ýyl ýaş artist üçin öwrümli ýyl boldy. Ol ýaňy döredilen Mollanepes adyndaky Türkmen drama teatrynyň aktýorlarynyň hataryna goşulýar. Bu ýerde-de söwer ýaryna duşýar – teatryň aktrisasy Suraý Myradowa.
Şol döwre çenli teatr sahnalarynda ýetik tejribe toplan Suraýdan tapawutlylykda Kakabaýa keşpler aňsat düşmändi. Aktýoryň intelligent keşbi şol döwrüň režisýorlarynyň teklip edýän keşplerine gaty bir kybap däldi. Onuň işi 60-njy ýyllarda ýurduň esasy teatral ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary, ýaş režisýorlar şol döwürde tanymal dramaturglaryň pýesalaryna ýüzlenip ugranlarynda ugrugyp başlady.
1964-nji ýylda A. Atajanowyň «Guşgy galasy» pýesasynyň premýerasy boldy. Onda baş gahrymanyň keşbini Kakabaý Durdyýew ýerine ýetirdi.
- Kakama ... pelteklemek has kyn düşüpdi – diýip K. Durdyýewiň gyzy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, medeniýet istitutynyň mugallymy Maral Durdyýewa ýatlaýar. – Oňa belli aktýor we režisýor I. Gromowyň şol döwür biz bilen goňşy ýaşan agtygy alty ýaşly Roma kömek etdi. Kakam «r-r-r» harpyny kynlyk bilen aýdýan Romanyň gürleýşine kän syn edipdi. Gije-gündiz taýýarlyk geçilýärdi.
K. Durdyýew «Guşgy galasynyň» üstünliginden soň N. Pogodiniň «Kreml jaňlary» we «Tüpeňli adam» spektakllarynda baş keşpleri döredýär.
K. Durdyýewiň zehinine we hyzmatyna döwlet tarapyndan ýokary baha berildi. Ol Türkmenistanyň halk artisti diýen ada eýe bolýar.
Ömrüniň ahyrynda Kakabaý Durdyýew köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede köp çykyş edýär. Ol Keminäniň şygyrlaryny gowy görýärdi. K. Durdyýew jemgyýetçilik duşuşyklarynda, telewizor ýaýlymlarynda we sahnalarda Keminäniň satiriki, liriki we filosofiki goşgularyny okaýardy.
K. Durdyýewiň teatrda döreden keşplerini indi medeniýet institutynyň talyplary we ýaş aktýorlar öwrenýärler. Onuň Türkmenistanyň medeniýetine we teatr taryhyna goşan goşandy uludyr we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Kakabaý Durdyýew. Aktýor, filosof, Keminäniň şygryýetiniň muşdagy (turkmenistan.gov.tm)