TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Anjeý Duda berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Polşa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)