BEÝIK ÝEŇIŞIŇ 77 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALAR

Ýeňiş gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

Weteranlary sylaglamak dabarasyny Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gurnaldy. Weteranlaryň adyna mähirli sözler aýdyldy. Çykyş edenler olara söweşjeň edermeligi, tyldaky tutanýerli zähmeti we häzirki wagtda ösüp gelýän nesli terbiýelemek boýunça alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdiler. Meşhur estrada aýdymçylary weteranlaryň halaýan aýdymlaryny ýerine ýetidiler.

Uruş weteranlaryny we şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna sowgatlary gowşurmak dabarasy şu günler Türkmenistanyň sebitleriniň ählisinde geçirilýär.

Beýik Ýeňişiň 77 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar (turkmenistan.gov.tm)