AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINE WE DOLANDYRYLYŞYNA BAGYŞLANAN OKUW GEÇÝÄR

Maý aýynyň 16-17-sinde Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň jaýynda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly nobat boýunça sekizinji okuw geçirilýär. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Halkara Okeanlar Instituty (HOI) we Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty tarapyndan gurnaldy.

Köp günlük çärä gatnaşýanlar işlerini duşenbe güni irden başladylar. Ýygnananlara okuwyň ýolbaşçysy doktor Ýuriý Olýunin we Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow ýüzlendi.

Bu halkara okuwyň esasy mowzuklarynyň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk we onuň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekdir. Seminar kärleri boýunça Hazar deňzi meseleleri bilen meşgullanýan hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga niýetlenendir. Onuň dowam etjek tutuş döwründe Hazar deňzi bilen baglanyşykly peýdaly maglumat, neşir we bu suw giňişligi bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça tejribe alyş-çalşygy amala aşyrylar.

Forumyň gün tertibinde şu meseleler girizildi:

1) Deňiz giňişlikleriniň durnukly ösüşi we dolandyryş taglymaty;

2) Hazar deňziniň hukuk derejesiniň aýratynlyklary we onuň deňiz giňişlikleriniň hukuklary;

3) Ýöriteleşen halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okean öwreniş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak;

4) Deňiz giňişliginiň meýilleşdirilişi;

5) Hazaryň ekologik meseleleri;

6) Durnukly deňiz ulagy, Halkara deňiz guramasynyň konwensiýalary;

7) Hazar deňziniň derejesiniň üýtgäp durmagy;

8) Balyk tutma meseleleri;

9) Deňiz düýbüniň we bilelikde özleşdirilmeli zolaklaryň gorlaryndan durnukly peýdalanmak;

10) Deňiz gurşawynyň hapalanyş derejesini pese düşürmek, öňüni almak we gözegçilikde saklamak;

11) Sebitde ekologik hyzmatdaşlyk.

Çäre tamamlanandan soň, Hazar sebitine degişli ähli ýurtlardan gelip gatnaşanlar okuw geçendikleri barada şahadatnama alarlar.

Aşgabatda Hazar deňziniň durnukly ösüşine we dolandyrylyşyna bagyşlanan okuw geçýär (turkmenistan.gov.tm)