TÖWEKGELÇILIKLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK IŞLERINE SYN BERMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY

2022-nji ýylyň 17-19-njy maýy aralygynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda BOMCA 10 maksatnamasynyň çäklerinde töwekgelçilikleriň öňüni almak işlerine syn bermek boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.
Geçirilen maslahata ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň BOMCA maksatnamasynyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de serhetleri dolandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek ýaly meseleler babatynda özara pikir alyşdylar.
Sebitleýin maslahatda töwekgelçiligi seljermek ulgamynda baha beriş mehanizminiň işi, onuň hukuk binýady we bu ulgamyň işini kämilleşdirmek boýunça dünýä tejribeleri öwrenildi. Bilermenler topary, ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlarynda töwekgelçilikleri derňew ulgamlaryndaky tapawutlary we meňzeşlikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde halkara maslahatlary yzygiderli geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.