TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rumen Radewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Bolgariýa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)