TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IORDANIÝANYŇ PATYŞASYNY GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne hem-de ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Abdulla II bin Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk, Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýanyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)