TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTYNDA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň maý aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi: bähbitleriň utgaşýan ýeri we sebitdäki döwletlere berjek ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi.

Halkara maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş
edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Halkara maslahatyň açylyş dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde çykyşlara tomaşa edildi.

Halkara maslahat mynasybetli institutyň baş binasynyň eýwanynda guralan sergide professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň taýýarlan ylmy taslama işleri, muzeý gymmatlyklary ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan TOPH gaz geçirijisi taslamasy boýunça başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan tutumly işler baradaky birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara maslahat geçirildi (turkmenistan.gov.tm)