TÜRKMENISTAN WE TATARYSTAN RESPUBLIKASY GÄMI GURLUŞYGY PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRÝAR

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Baş konsuly (Kazan ş.) A. Baýramow «Ak Bars» gämi gurluşyk korporasiýasy» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory R. Mistahow bilen duşuşdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazanda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirende beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge gönükdirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hem Tatarystan Respublikasynyň gämi bejermek we gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen hünärmenlerini taýýarlamak boýunça degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanda «Ro-Ro» kysymly iki sany ýük gämisini şeýle hem bir deňiz konteýner daşaýjyny gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň we Tatarystanyň gämi gurluşygy kuwwatyny öwrenmek üçin, ikitaraplaýyn hünärmenleriniň saparlaryny guramak barada ylalaşyga geldiler. Saparlaryň netijeleri boýunça bilelikde hereket etmegiň indiki ädimlerini kesgitlemek üçin, etmeli işleriň meýilnamasy düzüler.

Türkmenistan we Tatarystan Respublikasy gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar (turkmenistan.gov.tm)