TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORWATIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçe we ýurduň ähli halkyna Horwatiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Zoran Milanowiçe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Horwatiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)