TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Premýer-ministri Mario Dragä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella we Premýer-ministr Mario Dragä berk jan saglyk hem-de bagt, Italiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady (turkmenistan.gov.tm)