ÝARMÄMMEDOWLAR: ATA KESBI OGLA HALAL

Paýtagtymyzdaky şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Ýarmämmedowlaryň heýkel we surat eserleriniň sergisi M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen we ýewropa sazlaryny ýerine ýetirýän skripkaçylar kwartetiniň sazy bilen açyldy.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan sergide onuň dürli ýyllarda döreden heýkelleri görkezildi.
Gylyçmyrat Ýarmämmedowdyň zähmet adamsynyň waspy çuňňur beýan edilýär. Şolaryň biri-de «Talyp topary» heýkelidir. Onda bir gyz bilen iki oglan iş meýdanyny synlaýarlar. Olarda ýaşlyk, ruhubelentlik, watançylyk duýgulary çuňňur duýulýar.
Başga bir heýkel «Ilkinji nebitçiler» diýlip atlandyrylypdyr. Bagtyýar nebitçi guýulardan ilkinji alnyp, nebit doldurylan jamy ýokaryk galdyryp, belentde saklap dur. Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň işlerindäki zähmet adamlarynyň keşbi olaryň işjanlylygy we hünärine ökdeligi bilen täsir galdyrýar.
Heýkeltaraşyň gahrymanlarynyň arasynda syýasy işgärler, türgenler, medeniýet we sungat işgärleri bolan tanymal şahsyýetler hem öz orunlaryny eýeläpdirler. Onuň her işinde gahrymanyň häsiýeti aýdyň beýan edilýär. «Ýabany at» atly işinde atyň ilkinji gezek eýerleniş pursady şekillendirilpdir. Onuň «Žanna Kowusowanyň portreti» atly heýkelinde ýaşlygyň gözelligi açylyp görkezilipdir. Sergide goýlan işleriň her biri özüçe gyzykly.
Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň ogly Seljuk Ýarmämmedow heýkeller bilen işlemegiň usulyýetini kakasyndan öwrenipdir. Onuň işinde kinorežissýor Orazmyrat Gummadowyň keşbi yhlas bilen taýýarlanypdyr. Seljuk her bir işine özüçe öwüşgin bermegi başarypdyr. «On dördi gijäniň Aýy» atly heýkelde gök öwüşginde Aýyň şekili derýanyň tolkunlarynda nur saçýar.
Serginiň açylan güni elli ýaşy dolan Mämmet Ýarmämmedowyň doglan gününe gabat geldi. Kakasyndan we agasyndan tapawutlylykda Mämmet ‒ suratçy. Ol diňe özüne mahsus bezeg uslybynda işleýär. Onuň «Nohur. Durmuş», «Nohur», «Bahar», «Myhmansöýerlik», «Hurma» we beýleki işleri dizaýner ukybyny ýada salýar. Her näme bolanda-da, işler örän gyzykly we kemsiz saýlanan reňk utgaşmasy bilen guwandyrýar.
Iň esasy zat bolsa Mämmmet Ýarmämmedowyň işleri tomaşaçylara örän ýaraýar. Adamlar olarda gyzykly detallary tapmak bilen, olaryň her birini uzak wagtlap synlap durýarlar.
«Gürrüň» atly suratda suratkeş uzak wagtlap görüşmedik iki aýaly şekillendiripdir.
Üç suratkeş Ýarmämmeowlaryň işleriniň sergisi oňa gatnaşanlara lezzet paýlady.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64055/yarmammedowlar-ata-kesbi-ogla-halal