ÝENE-DE RESUL GYLYJOW, BU GEZEK ‒ ÇIPOLLINO BILEN!

Dirižýor Resul Gylyjow öz döredijiliginde çagalar üçin ertekiler temasyna ýygy-ýygydan ýüzlenmegi bilen kärdeşlerinden tapawutlanýar. Bu gezek ol Döwlet simfonik orkestriniň sazandalary bilen bilelikde aşgabatly oglan-gyzlary Karen Haçaturýanyň italýan ýazyjysy Janni Rodariniň «Çipollinonyň başdan geçirenleri» ertekisiniň baletine ýazan sazy bilen begendirdi.
Konserti alypbaryjy, ajaýyp ertekiçi Wasiliý Andronow gürrüňini şeýle sözler bilen başlady: «Şadyýan gök önümleriň ýaşaýan obajygynyň ilaty şazada Limony dabaraly garşy almak üçin, baş meýdançada ýygnanyşýarlar. Basa-baslyk döreýär. Çipollinonyň kakasy atanlykda Şazadanyň aýagyndaky gabarçagy basýar. Munuň üçin gojany zyndana atýarlar...»
Çagalar gök önümleriň we miweleriň, şeýle hem olaryň kiçijek serdarlarynyň ‒ beýleki gök önümlere we miwelere adalat ugrunda göreşmäge kömek edýän edermen oglanjygyň, ýagny düýp soganyň başdangeçirmelerini üns bilen diňleýärler.
Sahnanyň arka tarapynda wideoçarh «Çipollinonyň başdan geçirmeleri» baletini görkezýär. Onda artistler sazlaşykly hereketler bilen ertekiniň gahrymanlarynyň başyndan geçýän gyzykly wakalary gürrüň berýärler.
Karen Haçaturýanyň tiz-tiz üýtgäp durýan, käýerde howsalaly, ýöne galapyn bagtly we şadyýan duýgulardan doly sazy baleti dostlugyň dabarasy we gahrymanlaryň jebisligi bilen tamamlaýar.
Simfonik orkestriň sazandalary Karen Haçaturýanyň düzen sazyny diňleýjilere örän takyklyk bilen ýetirdiler.
Biz Resul Gylyjowy üstünlikli çykyşy bilen gutlap, şeýle sorag berdik:
‒ Döwlet simfonki orkestriniň döredijiliginde ýaşajyk tomaşaçylara yzygiderli üns berilmegini näme bilen düşündirmek bolar?
‒ Dogrudan-da, biz çagalary Pýotr Iliç Çaýkowskiniň «Şelkunçik», Klod Debýussiniň «Kiçijek şazada», Jorj Gerşwiniň we Poli Dýukyň «Disneý multfilmleriniň gahrymanlary» ... eserlerine tomaşa etmäge çagyrdyk. Çagalar erteki görkezilmegi bilen birlikde eşitdirilýän sazy uly üns bilen diňleýärler. Şeýlelikde, biz simfoniki sazyň geljekki diňleýjilerini taýýarlaýarys. Çagalar nusgawy ertekilerip dünýäsine girýärler we şol birwagtyň özünde-de ajaýyp simfoniki eserler bilen tanyşýarlar.
‒ Geljek üçin nähili meýilnamalaryňyz bar?
‒ Bäş ýyl mundan öň biz çagalary Sergeý Prokofýewiň «Petýa we möjek» atly simfoniki ertekisi bilen tanyşdyrdyk. Ondan bäri köp täze pikirler döredi, şonuň üçin-de bu ertekini başga okaýyşda tomaşaçylara ýetirmek isleýäris. Üstesine-de, geçen bäş ýylyň dowamynda täze tomaşaçylar-da ýetişdiler.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/63860/yene-de-resul-gylyjow-bu-gezek-cippolino-bilen