TÜRKMEN TÜRGENLERI MEKSIKADA ÝAŞLAR ARASYNDA GEÇÝÄN DÜNÝÄ BIRINJILIGI UGRUNDAKY BÄSLEŞIGE BAŞLAÝARLAR

11-nji iýunda Leonda (Meksikada) başlanýan agyr atletika boýunça doglan ýyly 2005-den öň bolmadyk ýaşlar arasyndaky dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşa Türkmenistandan ýedi türgen gatnaşar.
Oglan-gyzlar 20 agram toparynda uly we kiçi medallar ugrunda bäsleşerler.
Ýigitler arasyndaky ýaryşa Türkmenistandan Perhat Bagtyýarow (55 kg çenli), Surajbek Sapaýew we Saparly Muhyýew (ikisi-de 96 kg çenli), gyzlar arasyndaky ýaryşa bolsa Ogulşat Amanowa (45 kg çenli), Gülälek Kakamyradowa, Medine Amanowa (ikisi-de 59 kg çenli) we Anamjan Rustamowa (81 kg çenli) gatnaşar.
Türkmen agyr atletikaçylardan ilkinji bolup Ogulşat Amanowa (45 kg çenli) we Perhat Bagtyýarow (55 kg çenli) dagy orta çykar.
Dünýä birinjiligi ugrundaky bäsleşik 18-nji iýunda tamamlanar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64056/turkmen-turgenleri-meksikada-yaslar-arasynda-gecyan-dunya-birinjiligi-ugrundaky-baslesige-baslayarlar