img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

HAJ PARZYNY BERJAÝ ETMEK ÜÇIN 275 ZYÝARATÇYNY SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IBERMEK BELLENILDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 2-22-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64297/haj-parzyny-berjay-etmek-ucin-275-zyyaratcyny-saud-arabystany-patysalygyna-ibermek-bellenildi