TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HAZAR SEBTINDE MEDENIÝET ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA YLALAŞYK IŞLÄP DÜZMEGI TEKLIP ETDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazar sebtinde medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk işläp düzmegi teklip etdi.

«Hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň giňişligi hökmünde Hazar deňzi barada aýtmak bilen, biz ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýäris», – diýip döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Koronawirus pandemiýasy döwründäki takyk, sazlaşykly işi bellemek bilen,  şu çylşyrymly döwürde Hazarýaka döwletler birleşdiler, raýdaşlygyň we birek-birege ýardam bermegiň aýdyň nusgasyny görkezdiler. Şu mynasybetli döwlet Baştutanymyz Hormatly Prezidentleriniň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

«Medeni gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek ugrunda çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýäris», – diýip Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

«Şeýle hem dynç alynýan ýer hökmünde Hazaryň, onuň kenar ýakasynyň uly kuwwatynyň bardygyny görýäris. Syýahatçylyk pudagynda we gämide syýahat etmek ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary goldaýarys», – diýip Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64520/turkmenistanyn-prezidenti-hazar-sebtinde-medeniyet-ulgamynda-hyzmatdaslyk-boyunca-ylalasyk-islap-duzmegi-teklip-etdi