img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KANADANYŇ GENERAL-GUBERNATORYNY GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Meri Saýmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kanadanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64525/turkmenistanyn-prezidenti-kanadanyn-general-gubernatoryny-gutlady-2