GYLYÇMYRAT ÝARMÄMMEDOWYŇ DÖREDIJILIGINDE TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY

photo

Ýakynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow paýtagtymyzyň Sergi merkezinde ogullary bilen bileliikde şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryna heýkelleri bilen çuňňur täsir eden şahsy maşgala sergisini gurady. Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň 20 sany işi Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýinde, gara granitden ýasalan «Türkmen gelni» – Moskwada Tretýakow galereýasynda, «Mežnun» heýkeli – Babasary Annamyradowyň şahsy ýygyndysynda saklanýar. Heýkeltaraşyň köp işi paýtagtymyz Aşgabady we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini bezeýär.

Şu gün biz onuň döredijiligi, suratkeş bolşy, onuň dünýägaraýşy hakda has köp zat bilmek üçin Gylyçmyrat Ýarmämmedow bilen duşuşdyk. Ilkinji sowal adatça, ony sungata nämäniň getirendigi barada boldy.

– Men etrap gazetiniň işgäriniň-žurnalistiň maşgalasynda önüp-ösdüm, kakamyň işi bilen baglanyşyklylykda, maşgalamyz ýygy-ýygydan etrapdan-etraba göçýärdi. 1957-nji ýylda men Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda ýediýyllyk mekdebi tamamladym. Kakam şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň birnäçe hünär boýunça okuwçy kabul edýändigi baradaky bildirişli gazeti öňümde goýdy. «Sen suraty gowy çekýäň. Belki, şu mekdebe girersiň?» diýip sorady.

Elbetde, men suratkeşlik bölümine girmek isleýärdim, emma heýkeltaraşlykda okamaly boldum. Ýöne men munuň şeýle bolanyna asla ökünemok.

Gylyçmyrat Ýarmämmedow çeperçilik mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlansoň, geljegine umyt baglanýan heýkeltaraş hökmünde ony Surikow adyndaky Moskwanyň çeperçilik institutyna iberýärler. Watandan alysda bolanda, suratkeşde Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek islegi oýanyp, barha möwç alýar. Gylyçmyrat Ýarmämmedow Surikow adyndaky institutyň golaýynda ýerleşýän köne kitaplary satýan dükanyň satyjylary bilen tanyşlyk açýar we her gezek talyp hakyny alanda, onuň üçin gündogaryň taryhy barada seýrek tapylýan kitaplaryň saklanýan ýerine ýollanýardy. Şeýde-şeýde Parfiýa şalygy, Seljuklar döwri bilen gyzyklanma başlandy. Taryhy hakykatlar, mifler we gadymy söweşleriň gahrymanlary baradaky rowaýatlar suratkeşiň hyýalyny hem-de kalbyny heýjana salýardy, netijede, galam bilen çekilen garalamalar peýda bolup, özleri üçin niýetlenen bukjada üýşýärdi.

Gylyçmyrat Ýarmämmedow gipsde, bürünçde ýa daşda zähmet adamyny döretmäge tutuş zehinini siňdirýärdi. Şeýlelikde, «Bekdaş gurluşykçylary», «Talyp gurluşyk topary», «Nebiti ilkinji açanlar», «Gowurdak işçisi», «Meýdan gahrymany», «Sulfatçy» we başga kompozisiýalar peýda boldy.

Ýyllarboýy suratkeşiň kalbynda beslän islegleri heýkel keşplerde janlanyp başlady. Dürli taryhy döwrüň gahrymanlarynyň giden bir dünýäsi Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň şekillerinde ýüze çykdy. Olar: «Seljuk» heýkeli – edermen häsiýeti ýüzüne çykyp duran türkmen söweşijisiniň jemleýji keşbi, parasatly seljuk soltany «Mälik şa», eli täçli Tumar, ýurduna çozan duşman bilen döwüşmäge at salyp barýan «Rodoguna», «Abu Sagyd» Mäne baba, Dandanakan söweşinde Maksut gaznalydan üstün çykan Togrul beg, ýeňilmez Jelaleddin.

Pars filosofy, matematikaçysy we şahyry Omar Haýýam tomaşaçylaryň öňünde görmegeý, şadyýan we bagtly adam bolup dur.

Ýarmämmedowyň awtorlyk ýygyndysynda nusgawy şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň, rowaýaty we taryhy gahrymanlar Göroglynyň, Gorkut atanyň, Baýram hanyň birnäçe nusgada heýkelleri bar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64590/gylycmyrat-yarmammedowyn-doredijiliginde-turkmen-halkynyn-taryhy