img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ «DOSTLUK» FUTBOL TOPARY YEWRAZIYANYŇ KLUBLARYNYŇ ARASYNDA MOSKWA ŞÄHERINDE GEÇIRILEN BÄSLEŞIKDE KUMUŞ MEDALA MYNASYP BOLDY

photo

Türkmenistanyň Ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler Olimpiýa mekdebiniň «Dostluk» topary 2007-2008-nji ýyllarda GDA döwletlerinde doglan ýetginjekleriň arasynda 3-nji Ýewraziýanyň toparlarynyň arasynda Moskwada geçirilen futbol ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy.

Ýaryşlar aýlaw boýunça geçirildi, olaryň netijelerine laýyklykda ilkinji iki orny eýelän toparlar jemleýji tapgyra çykdylar.

Ýaryşyň başynda Eziz Annamuhamedowyň şägirtleri belarusly ýaşytdaşlaryndan asgyn gelip (1:6), soňra Moskwa şäheriniň Sport we syýahatçylyk müdirliginiň «FŞM» toparyndan (3:2) we Twer oblastynyň Ržew şäheriniň «Torpedo» toparyndan ( 5:1 ) üstün çykdylar .

Netijede, türkmen futbolçylary 6 utuk gazanyp, ikinji orny eýelediler.

Soňky oýunda «Dostluk» topary ýene-de Belarusyň ýetginjekler ýygyndysy bilen duşuşdy.

«Oktýabr» meýdançasynda geçen jemleýji oýnuň esasy wagty deň (1:1) tamamlandy. Netijede, ýeňijini oýundan soňky goşmaça urgular arkaly kesgitlemeli boldy. Munda belarusly futbolçylaryň oýny şowly boldy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64648/turkmenistanyn-dostluk-futbol-topary-yewraziyanyn-klublarynyn-arasynda-moskwa-saherinde-gecirilen-baslesikde-kumus-medala-mynasyp-boldy