TÜRKMENISTANYŇ TENNIS FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY SAÝLANDY

photo

32 ýaşly sport ussady Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) täze başlyklygyna saýlandy. Onuň saýlanmagy üçin Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan gatnaşan 42 adam bir agyzdan ses berdi.

2018-nji ýyldan bäri E. Döwletow TTF-niň baş sekretary wezipesini eýeläp geldi. Şoňa çenli türgen bolmak bilen, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Dewisiň Kubogy ugrundaky zonal ýaryşyň (Aziýa we Okeania zolagynyň IV topary) ýeňijisi boldy.

2012-nji ýylda Eziz Döwletow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady, 2015-nji ýylda Moskwanyň Döwlet uniwersitetinde MWA derejesini aldy, 2021-nji ýylda bolsa Russiýanyň “Sportda iş dolandyryşyň ussady” maksatnamasy boýunça Halkara Olimpiýa Uniwersitetini tamamlady.

2020-nji ýyldan bäri E. Döwletow dünýäde Dewisiň Kubogyny (Davis Cup) hem-de Billi Jin King Kubogyny (Billie Jean King Cup) geçirmek boýunça ITF-iň prezidentiniň ýanyndaky halkara işçi toparynyň agzasy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 1992-nji ýylyň 14-nji aprelinde resmi taýdan bellige alyndy we şondan bäri Türkmenistanda tennisi ösdürmek hem-de wagyz etmek bilen meşgullanýan berk gurama öwrüldi.

Häzirki günde Türkmenistanda güwanamasy bolan tälimçileriň umumy sany 40-dan gowrak bolup, şolaryň 30-sy ITF-iň halkara tälimçilik güwanamasyna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda hem türgenleriň sany hem köpeldi we häzirki gün olaryň sany jemi 2000-den gowrakdyr.

“Türkmenistanda ajaýyp sport düzümlerine eýe bolan Federasiýanyň tennis bilen meşgullanmaga ýaşlary has köp çekmegi, sportuň bu görnüşini has-da meşhur etmegi zerurdyr” diýip, TTF-iň täze ýolbaşçysy ösüniň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi.

Federasiýanyň öňünde durýan beýleki wezipeler bilen birlikde bütin dünýäde barha meşhurlygy artýan kenarýaka tennisi ösdürmek wezipesi hem bar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64574/turkmenistanyn-tennis-federasiyasynyn-yolbascysy-saylandy