«KÖPETDAG» BIŞKEKDE GYRGYZYSTANYŇ «DORDOÝ» TOPARYNY UTMAK BILEN, AFK KUBOGYNDA ILKINJI ÝEŇŞINI GAZANDY

AFK Kubogynyň täze oýunçysy Türkmenistanyň «Köpetdag» futbol topary, Gyrgyzystanyň 13 gezek çempiony «Dordoýy» 1:0 hasap bilen utdy.
Oýun Bişkek şäheriniň Dolen Omurzakow stadionynda geçdi. Onda pleý-off-a çykmak üçin «F» toparda üç klub bäsleşdi.
«Köpetdag» birinji tapgyrda Täjigistanyň wise-çempiony «Hujantdan» 1:3 hasabynda asgyn gelmek bilen, ýaryşy şowsuz başlady.
Şri Lankaly emin Niwon Robişiň oýnuň başlanandygyny habar berýän jürlewügi bilen, ýer eýeleri hüjüm edip başladylar. Ganaly legioner Žoel Kožo topy ýakyn aralykdan özüniň üstaşyry urdy, ýöne derwezeçi Döwletýär Berdiýew ýerinde sak durdy. Ýene 2 minutdan myhmanlar agyr ýagdaýa düşdüler ‒ Yslam Şamşyýewe badak atyp gödek ýykandygy sebäpli, emin Yhlas Saparmämmedowa gös-göni gyzyl karty görkezdi, netijede Türkmenistanyň IIM-iň topary azlykda galdy.
Emma «Köpetdagyň» futbolçylary gyrgyz toparyna goragy böwsüp geçmäge ýol bermän, netijeli gorandylar. Birinji taýmyň ahyrynda bolsa garşydaş toparyň derwezesine top geçirdiler. Oýnuň 45-nji minutynda Döwletmyrat Seýitmuhammedow topy toparyň kapitany Batyrgylyç Berdiýewe geçirdi, ol bolsa jerime meýdançasynyň daşyndan güýçli urgy bilen derwezäniň aşaky burçuna saldy.
«Gyzyl kart görkezilenden soň, biz oýnumyzy birneme üýtgetdik, ‒ diýip, oýundan soňky metbugat duşuşygynda «Köpetdagyň» tälimçisi Dmitriý Korž aýtdy. ‒ Oýunçylaryň ählisine uly hoşallyk bildirmek isleýärin. Olar ýeňiş gazandylar! Oglanlar AFK Kubogynda ilkinji gezek oýnadylar, şonuň üçin olaryň şu gün oýnuny diýseň oňat oýun hasaplamak-da bolar».
Eýsem-de bolsa, soň belli bolşy ýaly, ýaryşyň indiki aýlawyna girmek üçin, bu ýeňiş «Köpetdag» üçin ýeterlik bolmady. «F» toparyň ýeňijisi jemleýji tapgyrda Bişkekiň «Dordoýy» bilen deňe-deň (0:0) oýnap, ilkinji gezek AFK Kubogyna çykan 4 utukly «Hujand» boldy.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64576/kopetdag-biskekde-gyrgyzystanyn-dordoy-toparyny-utmak-bilen-afk-kubogynda-ilkinji-yensini-gazandy