TALYPLAR TEATRYNYŇ SAHNASYNDA NUSGAWY ESERLER

Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň ikinji ýyl talyplary nusgawy drama eserleri esasynda üç oýnuň ilkinji görkezilişini geçirdiler. Nusgawy oýunlary talyplaryň özleri saýlap aldylar. Sahna oýunlaryň görkezilişine institutyň mugallymlary, dürli ýyllaryň talyplary we tomaşaçylar gatnaşdylar.
Perde açylan badyna tomaşaçylaryň öňünde Aleksandr Ostrowskiniň «Düşewüntli ýer» dramasynyň gahrymanlary peýda boldy. Sahna bezeginiň soňky derejesine çenli azaldylandygy derrew tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär: sahnada diňe iki sany oturgyç bar. Baş rollary ýerine ýetirýänler-de XIX asyryň lybasynda däl-de, eýsem biziň döwrümiziň adaty gündelik geýimlerinde. Oýny tomaşaça şu terzde hödürlemek bilen, režissýor Baýgeldi Atdaýew aktýorlaryň oýnaýşyna bil baglaýar.
Tomaşaçylar XIX asyrdan XVIII asyra düşýärler. Piter Şifferiň pýesasy boýunça «Amadeý» oýnuny talyp režissýor Çynar Şallyýewa goýupdyr.
Iki pursat tomaşa bezeg berdi. Birinjisi, bir tarapdan, jaýyň içiniň jikme-jikliklerini, beýleki tarapdan bolsa, myhman üçin baýramçylyk suprasyny aňladýan miweli wazalar. Ikinjisi, Mosartyň iberen notalary: Salieriniň bir göz aýlamagy bilen, olar ussadyň jadyly mukamlaryna öwrülýärdi.
Ybraýym Durdyýew Wilýam Şekspiriň «Riçard III» oýnunyň režissýorydygyna garamazdan, ol baş rolda hem çykyş edýär. Ol öz oýny bilen, sözüň doly manysynda, tomaşaçylaryň kalbyny ele aldy. Ybraýym hyjuwly, mekir we şöhratparaz Riçardy şeýle bir «janlandyrdy» welin, biygtyýar: «Şeýle baý aktýorlyk mümkinçiligi barka, näme üçin režissýorlygy saýladyka?» diýip, öz-özüňden soraýarsyň.
Zal bu üç oýny goýanlary we olaryň mugallymlary Maral Durdyýewa bilen Mährigözel Atdaýewany uzak el çarpmak bilen alkyşladylar.
– Ybraýym Durdyýew, Ýazmyrat Allaberdiýew we Çynar Şallyýewa režissýorlykda okaýan ýyldaşlar – diýip, uly mugallym Maral Durdyýewa aýdýar. – Režissýorlaryň aktýor hökmünde işjeň hereket etmegi olaryň tejribesine oňat goşant goşýar. Gowy režissýorlar aktýoryň işiniň inçe syrlaryny-da bilmelidir.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64675/talyplar-teatrynyn-sahnasynda-nusgawy-eserler