TÜRKMEN TELEKEÇILERI BEZEG HARYTLARYNY WE LAMINAT ASTY DÜŞEGINI ÖNDÜRMÄGE BAŞLADYLAR

photo

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän agzasy – “Eşret mahabat” hususy kärhanasy edaralaryň we binalaryň içerki hem daşarky timarlama işini amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat merkeziniň beren habaryna görä, “Eşret mahabat” hususy kärhanasy şu ýylyň başyndan bäri gurluşykda ulanylýan bezeg önümlerini öndürip başlady. Öňdebaryjy hytaý tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana oturgyç, gapy bezeglerini we germaw öndürýär.

Ondan öň “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup laminat üçin düşek öndürip başlapdy. Düşek çyg geçirmeýär, netijede çyglylyk aradan aýrylýar. “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti plastmassa önümlerini öndüriji hökmünde-de tanalýar. Kärhana Ahal welaýanyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýär.

Kärhana hojalyk harytlarynyň dürli görnüşini we plastik oýunjaklary öndürýär. Hytaý döwletinden getirilen häzirki zaman enjamlarynyň işe girizilmegi kärhana aýda birnäçe tonna çenli önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu kärhanada 170-den gowrak işgär işleýär. Ýörite buýurmalar boýunça önümler dürli ýurtlara eksport edilýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64678/turkmen-telekecileri-bezeg-harytlaryny-we-laminat-asty-dusegini-ondurmage-basladylar