TÜRKMEN KIKBOKSÇYSY UZBEKISTAN OPEN-2 HALKARA ÝARYŞYNYŇ ÝEŇIJISI BOLDY

Türkmen kikboksçysy Goçmyrat Jumanyýazow Uzbekistan Open-2 halkara ýaryşynda altyn medal gazandy.

Ýaryşlar 15 ýurtdan sportçularyň gatnaşmagynda «Ýunusabad» sport toplumynda WAKO Bütindünýä assosiasiýasynyň wersiýasy boýunça geçirildi.

Ildeşimiz ýokary derejeli baýragy K-1 bölüminde 75 kg çenli agram toparynda gazandy. Bu bölüm kikboksuň iň agyr görnüşi hasaplanýar. Onda dyzyň bilen bogunlara, şeýle hem, 360° aýlaw edip, eliň tersi bilen (бэкфист) kellä-de, göwrä-de urmaga rugsat edilýär.

Bu Goçmyrat Jumanyýazowyň halkara ýaryşlarda gazanan ilkinji üstünligi däl. Mundan öň 27 ýaşly aşgabatly at gazanan sport ussady 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýeňiş gazandy, şeýle hem Aziýa çempionatlarynda, «World Cup Diamon» Dünýä Kubogynda we köp halkara ýaryşlarda dürli derejeli medallar gazanypdy. Goçmyrat bu üstünliklere Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň ýolbaşçylygynda ýetipdi. Häzirki wagtda ol Ýewropanyň iki gezek çempiony we Dünýä kubogynyň eýesi Halmyrat Ysmaýylowdan tälim alýar.

Ýaryşyň toparlaýyn görnüşinde iň köp (452 medal: 119 altyn, 123 kümüş we 210 bürünç) baýrak almak bilen, özbegistanly sportçular öňde barýardylar. Ikinji ýeri 57 (29 altyn, 12 kümüş we 16 bürünç) medal gazanan gazagystanly kikboksçylar, üçünji ýeri bolsa 60 (26 altyn, 19 kümüş we 15 bürünç) medal alan täjigistanly sportçular eýelediler.

Sekiz (1 altyn, 2 kümüş, 5 bürünç) medal gazanan Türkmenistanyň topary Marokkonyň, Iordaniýanyň, Azerbaýjanyň, Ysraýylyň, Yragyň, Koreýa Respublikasynyň we Ukrainanyň toparlaryndan öňe geçmek bilen, 7-nji orny eýeledi. 

Umuman, Uzbekistan Open-2 ýaryşlarda 14 ýurduň wekilleri medal gazandylar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64752/turkmen-kikbokscysy-uzbekistan-open-2-halkara-yarysynyn-yenijisi-boldy