«AHAL» WE «ŞAGADAM» TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ KUBOGY-2022 BAÝRAGY UGRUNDA BÄSLEŞERLER

Ýarym final duşuşyklarynyň netijesi boýunça «Ahal» we Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam» klublarynyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy-2022 baýragy ugrunda bäsleşjekdigi aýan boldy.
«Ahal» topary Arslanmyrat Amanowyň (37-nji minutda) we Arzuwguly Sapargulyýewiň (89-njy minutda) dürs urgylary bilen «Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda utdy.
«Şagadam» bilen Balkanabadyň «Nebitçisiniň» duşuşygynda oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda deň tamamlanandygy sebäpli, ýeňijini 11 metrlik urgulary arkaly kesgitlemeli boldy. Onda «Şagadamyň» futbolçylary urgylary dürs urup, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Geçen möwsümde «Ahal» Türkmenistanyň çempionatynda 2-nji, «Şagadam» 3-nji orny eýeläpdiler.
3-nji orun ugrunda «Aşgabat» bilen «Nebitçi» duşuşar.
Geçen ýyl «Aşgabat» 3-nji orun ugrundaky duşuşykda Marynyň «Energetigini» 1:0 hasabynda utup, bürünç baýraga mynasyp bolupdy.
Geçen ýyl finalda «Merwi» 1:0 hasabynda utan «Ahalyň» Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogynyň häzirki eýesidigini ýatladýarys.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64704/ahal-we-sagadam-turkmenistanyn-futbol-federasiyasynyn-kubogy-2022-bayragy-ugrunda-basleserler