TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ KUBOGYNY ALMAK ÜÇIN BÄSLEŞYÄN TOPARLARYŇ DÖRDÜSI GALDY

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak üçin Aşgabat şäheriniň sport meýdançalarynda ýaryşyň birinji tapgyrynda iki topara bölünen dokuz klubuň futbolçylary bäsleşdiler.
«A» toparda «Ahal», «Merw», «Nebitçi», «Köpetdag-2» we Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy (U23), «B» toparda «Şagadam», «Aşgabat», «Energetik» hem-de Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşdiler.
«A» toparda üç ýeňiş gazanyp, «Merw» bilen 0:0 hasabynda deň oýnan «Ahal» 10 utuk bilen öňe saýlandy. Üç ýeňiş gazanyp, diňe «Ahaldan» 0:4 hasabynda utulan we 9 utuk toplan «Nebitçi» hem ýarym finala çykdy.
«B» toparda iki gezek ýeňiş gazanan, «Aşgabat» bilen 1:1 hasabynda deň oýnan Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» birinji orny eýeledi. 1 oýunda utup, iki duşuşygy, şol sanda Marynyň «Energetigi» bilen 1:1 hasabynda deň oýnan «Aşgabat» topary 5 utuk gazanyp, ýarym finala çykdy.
Şeýlelikde, birinji ýarym final oýunda «Ahal» we «Aşgabat», beýleki oýunda balkanly klublar - «Şagadam» hem-de «Nebitçi» duşuşarlar.
7-nji orun ugrunda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) «Köpetdag-2» klubyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň esasy wagty 0:0 hasabynda deň tamamlanan 5-nji orun ugrunda duşuşykda «Merw» topary diňe oýundan soňky 11 metrlik urgularynda «Energetigi» 5:4 hasabynda utmagy başardy.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64666/turkmenistanyn-futbol-federasiyasynyn-kubogyny-almak-ucin-baslesyan-toparlaryn-dordusi-galdy