BIZ SUŞI TAGAMYNY HALAÝARYS!

Şeýle at bilen Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Döwlet şekillendiriliş sungaty muzeýinde çäre geçirildi. Ony Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Şekillendiriliş sungaty muzeýiniň ýardam bermeginde gurady.

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýamamoto Hiroýuki bu ýere gelenlere gutlag söz bilen ýüzlenip, hemmäni ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Balykdan taýýarlanylýan ýapon milli tagamy tutuş dünýäde meşhurlyk gazandy. Indi ony Aşgabadyň restoranlarynyň köpüsinde taýýarlaýarlar. Ýöne Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň baş aşpeziniň hut özüniň taýýarlan suşisini dadyp görmek – bu tagamy halaýanlar üçin amatly pursat. Şonuň üçinem «Biz suşi tagamyny halaýarys!» çäresi köp adamly boldy.

Şol gün muzeýi zaly ýapon tagamyna kybap bezeldi: stollarda suşiniň dürli görnüşleriniň mulýažlary goýuldy, monitorda dürli balykdan, şol sanda suşi taýýarlamagyň tilsimleri, grawýuralar, bu tagam bilen baglanşykly tematiki grawýuralar görkezildi. Ýapon usulynbda taýýarlanan grawýuralaryň ählisi 18-19-njy asyrlara degişli. Köp agzalýan nakgaşalaryň biri Ýutagawa Kunýaşiniň «Älem zenanalarynyň taýýarlan suşisi», «Suşi muşdaklary», «Suşi dükany» we beýleki işleri bu milli tagamy barada gürrüň berýär.

Bu çärä bu tagamyň 40-dan gowrak görnüşini öndürýän «Art-suşi» kärhasanyň eýesi aşgabtly telekeçi Ata Tyllaýew hem gatnaşdy. Ata ençeme ýyl bäri suşi öndürýär. Bu gün ol ýapon aşpeziniň taýýarlan tagamyny datmak üçin bu ýere gelipdir.

Tutuş dünýäde suşini halaýanlar üç topara: suşi tagamynyň muşdaklaryna, ony halamaýanlara we bu tagamy dadyp görmediklere bölünýär. «Biz suşi tagamyny halaýarys!» çäresi suşini dadyp görmäge mümkinçilik berdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64753/biz-susi-tagamyny-halayarys