TÜRKMEN KOMPANIÝASY ÖNDÜRÝÄN ARASSAÇYLYK SERIŞDELERINIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERINI ARTDYRÝAR

Aşgabat şäherinde ýerleşýän, “Guba-gara” hususy kärhanasy birnäçe ýyldan bäri arassaçylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürýär. Golaýda bolsa bu hususy kärhanada şampunyň hem-de kir ýumşadyjy serişdeleriň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Öndürilýän şampunlaryň kakos, aloe ysly görnüşleri bolup, olar 450 gramlyk gutulara, kir ýumşadyjy serişdeler hem özboluşly lawanda, bägül ysly görnüşleri bilen tapawutlanyp, 1 litrlik gutulara gaplanylýar.

Bulardan başga-da, köpugurly önümçiligi bilen meşhur bolan kärhana ýakynda täze, “DUR” haryt nyşanly gap-gaç ýuwujy serişdeleriniň täze görnüşlerini önümçilige girizdi. Häzirki wagtda bu önümler ýurduň söwda nokatlarynda elýeterli bahadan halka hödürlenilýär. Türkiýäniň kämil enjamlary ornaşdyrylan “Guba-gara” hususy kärhanasy 2012-nji ýylda döredilip, onda onlarça işgär öndürijilikli zähmet çekýär.

Häzirki wagtda bu ýerde “Sap” haryt nyşanly arassaçylyk serişdeleriniň altmyşa golaý görnüşi öndürilýär. Şeýle-de alýumin folgalary bilen önümleriň daşky gaplary hem kärhananyň özünde öndürilýär. Hususy kärhananyň öndürýän önümleri içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Golaýda arassaçylyk serişdeleri Owganystana hem ugradyldy.

Türkmen kompaniýasy öndürýän arassaçylyk serişdeleriniň täze görnüşlerini artdyrýar (turkmenistan.gov.tm)