TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUMYNIÝANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannise we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Klaus Ýohannise berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Rumyniýanyň halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)