img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELGIÝANYŇ PATYŞASYNY GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Belgiýanyň Patyşasynyň kasam eden güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Belgiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)