RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Mar

RESMI HABAR

?Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryny dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrmak we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senag...

DOWAMY
pic
13 Mar

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda giň mümkinçilikleri döretmek, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň taslamasyny d...

DOWAMY
pic
13 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň...

DOWAMY
pic
13 Mar

NAKGAŞ SÜLGÜN HOJAGULYÝEWANYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE: DURMUŞYŇ METAFORALY BEÝANY

Şekillendiriş sungaty mizeýinde üýtgeşik zehinli nakgaş Sülgün Hojagulyýwanyň sergisi açyldy, diri gezip ýörenliginde şu ýyl onuň 70 ýaşy dolardy. Ol aramyzda giden bolsa-da, onuň özboluşly ajaýyp işleri galdy, olarda nakgaşyň köňlüniň bir bölegi bar, duýgylary möwç urýar, bu zehinli hem hoşamaý zenanyň oý-pikirleri beýanyny tapdy... Sergi onuň ýanýoldaşy Türkmenistanyň halk nakgaşy Annaguly Hojagulyýewiň Sülgüne bagyşlan suraty bilen açylýar. Žiwopisçi aýalynyň portretini onuň baý döredijili...

DOWAMY
pic
13 Mar

SEÝSMIKI ÝAGDAÝA DUNUKLY GURLUŞYK YBI TÄZE BINASYNA GÖÇER

Bekrewe ýaşaýyş jaýlar toplumynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň golaýynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze binasy gurulýar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Кämil ymarat» hususy kärhanasy bilen taslamany durmuşa geçirmäge şertnama baglaşdy. Häzirki wagtda SÝDGYBI-nyň edara we laboratoriýa jaýlary bina edilýär. Binany 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 12 müň inedördül metrd...

DOWAMY
pic
13 Mar

«UZYNADA» NEBITGAZLY ÝATAGYNY ÖZLEŞDIRMEKDE INNOWASION ÇÖZGÜTLER ULANYLÝAR

?Türkmennebit» Döwlet konserni 9000 metre çenli çuňlukda buraw işlerini geçirmek üçin enjamlary satyn almaga halkara bäsleşigini yglan etdi. Pudagyň hünärmenleri ilkinji gezek Hazaryň kenarynda, nebitgazly Barsagelmez ýatagyndan takmynan 35 kilometr günortada ýerleşýän Uzyanda ýatagynda has çuň guýyny burawlamagy göz öňünde tutýarlar. Çaklamalara görä, gyzyl reňkli çökündili dag magdanly gatlaklarda nebitiň iri ýatagy jemlenen. Bu ýatakda baryp 1972-nji ýylda 4213 metr çuňlukda ilkinji geolog...

DOWAMY
pic
12 Mar

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14031

DOWAMY