SOŇKY HABARLAR
HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ YGTYÝARLY WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilen çäre Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty hem-de Bilim ministrligi tarapyndan guralyp, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we Hazarýaka döwletleriň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylyň 9 — 20-nji marty aralygynda «Awaza» milli sy...
RESMI HABAR
?Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen haly önümleriniň önümçiligini talabalaýyk ýola goýmak, daşary ýurtlara ýerlenilýän haly önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşigini Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermek hem-de ony «Türkmenhaly» döwlet birleşigi diýip atlandyrmak bellenildi. «Türkmenhaly» döwlet birleşigine Maliýe we ykd...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2020-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşo...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerin...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap huku...