RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Few

KATAR DÖWLETINIŇ PAÝTAGTYNDA TÜRKMEN-KATAR SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ösüşiň esasy görkezijisi, iň ýokary syýasy derejede döredilen açyk dostlukly we konstruktiw gepleşik bolup durýan ikitarap...

DOWAMY
pic
29 Few

NEBITGAZ PUDAGY ÜÇIN IŞGÄRLERI TAÝÝARLAÝYŞ ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan mejlisinde beren tabşyrygy boýunça Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Desga bu konserniň buýurmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda, hususan-da, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýmagynda «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bin...

DOWAMY
pic
28 Few

HORMATLY PREZIDENTIMIZ MARYDA SADAKA BERDI WE MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISINI GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde — Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Mara tarap ugrady. Sebitiň merkezi şäheriniň howa menzilinde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyz şäher...

DOWAMY
pic
28 Few

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümi tassyklanyldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13981

DOWAMY
pic
28 Few

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri; Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary b...

DOWAMY
pic
28 Few

DIM-DE «ÝAŞYL MERKEZI AZIÝA» MASLAHATYNYŇ WE DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Ýaşyl Merkezi Aziýa» ýokary derejeli Maslahatynyň we daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB-MA iş toparynyň 9-njy mejlisiniň jemleri boýunça seminar geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar Akademiýasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçileri g...

DOWAMY
pic
27 Few

ER-RIÝADDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahata Patyşa Faýsal adyndaky yslamy öwreniş we ylmy-barlaglar merkeziň, Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň (ÇRIK) wekilleri, Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we sebit guramalaryň wekilleri, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigin...

DOWAMY