SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA AZIÝANYŇ FUTZAL BOÝUNÇA 2020 ÇEMPIONATYNYŇ BIJE ATMAK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzyň «Оlimpiýa» myhmanhanasynda Aziýanyň futzal boýunça 2020 çempionatyna gatnaşjak toparlaryň arasynda bije atmak dabarasy geçirildi. Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti sebit derejesindäki bu çäräniň geçirilmegi hakyndaky degişli resminama gol çekdi. Bije atmak dabarasynyň jemlerinden belli bolşy ýaly, Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň toparlary Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary bilen bir topara düşdüler.
BRÝUSSELDE TÜRKMENISTAN – ÝB PARLAMENTARA MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Brýusselde 5-nji Türkmenistan – ÝB Parlamentara mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşdy. Parlamentara mejlisiniň iş sessiýasyna Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy F.Martuşiýello hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iş...
GYŞKY EŞIKLER KOLLEKSIÝASY-2020: ÝÖNEKEÝDEN GELŞIKLI WE TRIKOTAŽ NOKTÝURNY
?Altyn asyr» söwda merkezinde täze eşikler – Gyş-2020 täze kolleksiýasy bilen tanyşdyryldy. Aşgabadyň Modalar öýüniň lybas görkeziji zenanlary paýtagtly modelýerleriň hem-de ýurduň esasy dokma kärhanalarynyň dizaýnerleriniň işläp taýýarlan çagalar we ulular üçin gündelik eşiklerini görkezdiler. Görkezilişde möwsümiň ýiti we açyk reňkleri, giň fakturalary, şeýle hem etnostiliň elementleri bilen sazlaşykly utgaşýan we işewürlik ýa-da hat-da toý-dabara lybasyna öwrülýän kežual tilsimli eşikler a...
MARYDA ÝOKARY TEHNOLOGIÝALY AÝKAGAP FABRIGI GURLAR
?Röwşen» HK erkekler, zenanlar we çagalar aýakgaplarynyň her günki çykarylyşyny artdyrmagy göz öüňnde tutýar. Maryly telekeçiler munuň üçin 800 iş orunly döwrebap iri fabrik gurmagy we ýylda birnäçe million jübüt aýakgap öndürmegi göz öňünde tutýarlar. Bu iri taslamany durmuşa geçirmek üçin hususy kärhana ýedi gektar ýer bölünip berildi. Kärhananyň öz güýji bilen ýakyn iki ýylda gurjak döwrebap aýakgap önümçiligi arassa çig maldan, dokma we beýleki materiallardan aýakgabyň ähli detallaryny, ş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçip, häzirki wagtda ýurdumyzda durnukly ösüşiň, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda durmuş ulgamynda ýokary ösüş depgininiň sakl...
DÖWREBAP ÝYLADYŞHANA AÇYLDY
Şu gün Gökdepe etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi S.Berdimuhamedow, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar. Dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimi...
«BAKY ROWAÝATLAR» SPEKTAKLY: DURMUŞ GYMMATLYKLARY BARADA TEATR DILINDE
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri esasynda döredilen Döwlet gurjak teatrynyň «Baky rowaýatlar» spektalynyň premýerasy III Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde görkezilipdi, dürli ýurtlardan gelen kärdeşleri oýnuň dramaturgiýasyna we sahna bezegindäki täzeliklerine gowy baha beripdiler. Ýaşajyk tomaşaçylar söýgüli teatrynyň täze işine nähili garaýarkalar? Bu sowala jogap bermek üçin biz çagalar bilen birlikde spektakla tomaşa etmegi makul bildik. Üçünji jaňdan soň...