RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Mar

TÜRKSOÝ BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA SEREDILDI

2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de esasy ugurlary kesgitlenildi. 2023-nji ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň 30-ýyllygynyň bellenilmegi nukdaýnazaryndan, TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynda meýilleşdirilýän möhüm çäreler...

DOWAMY
23 Mar

TÜRKMENSTAN BILEN HALKARA ATOM ENERGIÝASY AGENTLIGIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň Baş direktory M.Grossiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu Agentligiň Baş binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyna oňyn baha berdiler. Şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygy ugu...

DOWAMY
23 Mar

TÜRKMEN-AWSTRIÝA SYÝASY MASLAHATLAŞMALAR BARADA

2023-nji ýylyň 20-nji martynda Wena şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu nobatdaky syýasy geňeşmelerde Türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň Daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Wepa Hajiýew we Awstriýa tarapyna bolsa agzalan diplomatik edaranyň Baş sekretary Peter Launsky-Tieffenthal ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, s...

DOWAMY
21 Mar

DOSTLUK WE YNANYŞMAK SYÝASATY — ATA WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSÜŞINIŇ KEPILI

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýerine ý...

DOWAMY
21 Mar

MILLI BAHAR BAÝRAMY MYNASYBETLI ÄHLIHALK DABARALARY

Şu gün Türkmenistan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy diňe bir baharyň garşylanmagyny hem-de janlanýan tebigatyň dabaralanmagynyň nyşanyny alamatland...

DOWAMY
21 Mar

KATARDA TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY AÇYLDY

2023-nji ýylyň 20-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ilçihananyň açylyş dabarasynda Watanymyzyň ýaşyl tugy belende galdyryldy we Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Resmi açylyş dabarasyndaky çykyşlarda nygtalyşy...

DOWAMY
21 Mar

TÜRKMEN-KATAR GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK BINÝADY PUGTALANDYRYLDY

Ikiçäk görnüşdäki duşuşyk tamalanandan soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda şu aşakda görkezilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy: - Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;  - Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynd...

DOWAMY